Prezident Erdogan Etlik şäher hassahanasynyň açylyşyna gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, ilkinji gezek Türkiyede durmuşa geçirilen şäher hassahanalary nusgasynyň şu günki gün dünýäniň ençeme ýurdunyň ýakyndan gözegçilik edýändigini habar berdi

1885854
Prezident Erdogan Etlik şäher hassahanasynyň açylyşyna gatnaşdy

Prezident Erdogan paýtagt Ankara şäherindäki Etlik şäher hassahanasynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda: "Şu gün dünýä bilen bäsdeşlik edip biljek derejedäki döwlet we hususy hassahanalarymyz başarnyklary we zähmetsöýerlikleri bilen her kim tarapyndan takdyr edilýän lukmanlarymyz bilen hyzmat hilini ýokarlandyrýan infrastrukturamyz we tejribeli işgärlerimiz bilen saglygy goraýyşyň global ýyldyzy ýagdaýyna geldik" diýip belledi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, ilkinji gezek Türkiyede durmuşa geçirilen şäher hassahanalary nusgasynyň şu günki gün dünýäniň ençeme ýurdunyň ýakyndan gözegçilik edýändigini belläp: "Ynsan kapitaly bilen tehnologik mümkinçiliklerini iň ýokary derejede birleşdirip, her bir şäher hassahanamyzy milli we halkara derejede marka ýagdaýyna öwüreris" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar