Prezident Erdogan Roş Ha-Aşana Baýramy Mynasibetli Gutlag Ýüzlenmesini Çap Etdi

" Roş ha-Aşana baýramy mynasibetli musaýy raýatlarymyzyň başda durmagynda ähli musaýylary mähirli gutlaýaryn"

1884235
Prezident Erdogan Roş Ha-Aşana Baýramy Mynasibetli Gutlag Ýüzlenmesini Çap Etdi

Prezident R. T. Erdogan, ibrani kalendaryna görä, täze ýylyň simwoly bolan Roş ha-Aşana mynasibetli musaýy raýatlaryny gutlady.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident Erdogan Roş ha-Aşana baýramy mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Musaýy raýatlaryň Roş ha-Aşana baýramyny gutlan Prezident Erdogan; “Tapawutly ynançlara eýe bolan raýatlarymyzyň agzybirlikde we jebislikde ýaşamagy ýurdumyzy güýçlendirýän esasy baýlyk çeşmelerinden biridir. Eýe bolan baýlyklarymyzyň, ýurdumyzyň ähli taraplaýyn pajarlap ösmegine itergi berjekdigine doly ynanýaryn. Pursatdan peýdalanyp ibrani kalendarynyň täze ýyly bolan Roş ha-Aşana baýramy mynasibetli musaýy raýatlarymyzyň başda durmagynda ähli musaýylary mähirli gutlaýaryn. Musaýylara saglyk we asudalyk getirmegini arzuw edýärin” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar