Şentop Moldowa Saparyny Dowam Etdirýär

Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop Moldowanyň Prezidenti Maria Sandu bilen duşuşdy.

1880859
Şentop Moldowa Saparyny Dowam Etdirýär

Türkiýäniň koronawirus pandemiýasynda we Ukrainaky söweşiň dowamnda ýize çykan immigrant meselesinde Moldowa bilen arkalaşygyň ähmiýetini beýan eden Şentop; “Ukrainada başdan geçirilýän wakalar, başga meseleleri we kynçylyklary ýüze çykarýar. Dünýäde immigrant kabul eden esasy ýurtlardan biri bolan Türkiýe Moldowanyň başdan geçirýän gysyşlaryna gowy düşünýär” diýdi.

Şentop Türkiýeden berilýän ynsanperwer kömeginiň gelejekde-de şertlere laýyklykda dowam etjekdigini aýtdy.

Türkiýäniň Russiýa-Ukraina söweşini halkara hukugyň açaçan basgylanmagy hökmünde kabul edýändigini nygtan Mejlisiň Başlygy: “Söweşiň uzamağy, şertleri hasam agyrlaşdyrmakdan başga iş ýaramaz, asuda ilat kynçylyk çeker. ÝUrdumyz parahatçylyk ugrunda tagalla edýär. Gelejekde-de sebitimizde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin bu tutumymyzy hem-de tagallalarymyzy dowam etdireris” diýdi.



Degişli Habarlar