Milli Goranmak ministri Hulusi Akar Gresiýa duýduryş berdi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar Gresiýa ýüzlenip: "Taryhdan sapak alyň, başdan geçirmelere baş goşmaň" diýip nygtady

1879259
Milli Goranmak ministri Hulusi Akar Gresiýa duýduryş berdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Gresiýanyň soňky wagtlarda artan öjükdiriji hereketlerine berk reaksiýa bildirdi. 

Hulusi Akar paýtagt Ankara şäherinde geçirilen Malaýziýanyň Milli güni mynasybetli çärede beren beýannamasynda: "Gresiýa taryhdan sapak alyň diýäris. Täze başdan geçirmelere baş goşmaň diýäris. Käbir töwerekler siziň gulagyňyza birzatlar aýdyp biler. Olaryň dogry däldigine taryhda şaýat bolduňyz. Aýna seretseler hakykatlara göz ýetirerler we belkem utanarlar. Bular ýaly ikiýüzlilik bolmaz" diýip nygtady. 

Gresiýanyň artan meçew beriji hereketleri we soňky gezek bolsa Egeý dňizinde "Ro-Ro" atly gämä od açmagy bilen bagly Hulusi Akar: "Ähli ýagşy niýetli tagallalarymyza garamazdan, goňşymyz Gresiýa her gezeginde ençeme meçew beriji aksiýalary bilen, beýanatlary bilen dartgynlygy artdyrmaga dowam edýär. Onuň öňüniň alynmagy üçin elimizden gelýän tagallany edýäris" diýip belledi. 

Harby-howa güýçlerimiziň Gündogar Ortaýer deňizinde we Egeý deňizinde meýilnamaly milli we NATO işleriniň bardygyny, halkara hukuk, özara ylalaşyklaryň çäginde tälim işleriniň geçirilýändigini aýdan Hulusi Akar: "Bu işlerimizi hem rus önümi bolan S-300 howa goranyş ulgamlary bilen biynjalyk edýärler, gulplaýarlar. Bu duşmançylykly çemeleşme. Ol ne ýaranlyga ne goňşulyga ne-de ozalky ylalaşyklara bap gelmeýär. Aksiýalary bilen duşmançylykly hereket edýärler. Olar kabul edilmesizdir. Bu uly ikiýüzlilikdir. Biz her gezeginde söhbetdeşlerimize ýazmaça, söz bilen bulary ýetirýäris. Türkiýä garşy bolan bu çemeleşmä gözegçilik edýäris, hiç birini jogapsyz goýmaýarys. Biz parahatçylyk, gowy goňşuçylyk gatnaşyklary, halkara hukuk diýäris, bu babatda hyzmatdaşlyk etmek isleýäris. Egeý deňiziniň parahatçylyk deňizi bolmagyny arzuw edýäris, emma gynansagam biziň edýänlerimize beýleki tarapdan oňyn jogap ýok" diýip habar berdi. 

Beýleki tarapdan Gresiýadaky Lawrion bazasy bilen baglanşykly Hulusi Akar: "Lawrionda FETÖ, PKK/ÝPG, DAIŞ, DHKP-J-e agza terrorçylary saklaýarlar, olara ýer eýeçiligini edýärler. Ol ýerden biri-birinden tapawutly ýurtlara gitmeklerine kömek berýärler. Ähli bu zatlar barka gaflat bilen, ikiýüzlilik bilen olar ýaly zadyň bolmandygyny öňe sürýärler. Ol hereketlere düşünmek mümkin däl" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar