“Türkiýe, Horwatiýa Goldaw Bermäge Dowam Edýär”

Milanowiç Türkiýe bilen Horwatiýanyň ýakyndan gatnaşyk edýändigini belledi

1877577
“Türkiýe, Horwatiýa Goldaw Bermäge Dowam Edýär”

Horwatiýanyň Prezidenti Zoran Milanowiç, Türkiýäniň hemişe ýurduna goldaw berýändigini aýtdy.

Prezident Milanowiç ýurdunda saparda bolýan Prezident R. T. Erdogan bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beren beýannamasynda, Türkiýe bilen Horwatiýanyň ýakyndan gatnaşyk edýändigini belledi.

Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilip geçilýändigini ýatladan Milanowiç, “Türkiýe, Horwatiýa goldaw bermäge dowam edýär”diýdi.

Erdogan bilen birnäçe mesele hakynda pikir alyşandyklaryny aýdan Milanowiç, “Rusiýa bilen Ukrainanyň arasynda 24-nji fewraldan bäri dowam edýän söweşde Türkiýäniň öz üstüne alan rolyny we söwda gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdyk” diýdi.

ÝB-ne we NATO agza durnukly ýurt Horwatiýanyň Türkiýe bilen edýän gatnaşyklaryny pugtalandyrmak bilen dowam etdirjekdigine ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar