Prezident Erdogan Horwatiýada Saparda Bolýar

Erdogan paýtagt Zagrepte Horwatiýanyň Prezidenti Zoran Milanowiç tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

1877469
Prezident Erdogan Horwatiýada Saparda Bolýar
Erdogan-Zoran Milanovic.jpg
Erdogan-Zoran Milanovic1.jpg

 

Prezident R. T. Erdogan Balkan ýurtlaryna guraýan saparynyň üçünji we soňky duralgasy bolan Horwatiýa bardy.

Serbiýadan soň düýn agşamara Horwatiýa baran Prezident Erdogan paýtagt Zagrepte Horwatiýanyň Prezidenti Zoran Milanowiç tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Erdogan bilen Molanowiç özara duşuşykdan soň toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.

Sisakda Yslam medeniýet merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşjak Prezdient Erdogan, Horwatiýanyň Premýer-ministri Andrež Plenkowiçi kabul eder.

Prezident Erdogan remi saparynyň çäginde Türkiýe-Horwatiýa işewürler maslahatyna gatnaşar we Prezident Milanowiç tarapyndan hormatyna beriljek resmi nahara gatnaşar.

 



Degişli Habarlar