Erdogan Yslam Medeniýet Merkeziniň Açylyş Dabarasyna Gatnaşdy

“Sisak Yslam medeniýet merkezi Horwatiýanyň hem-de Sisak şäheriniň köp medeniýetli gurluşynyň esasy simwollaryndan biri bolar”

1877616
Erdogan Yslam Medeniýet Merkeziniň Açylyş Dabarasyna Gatnaşdy

Prezident Erdogan, Horwatiýa guraýan resmi saparynyň çäginde Sisakda Yslam medeniýet merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Erdogan dabarada eden çykyşynda, Horwatiýanyň musulmanlara goýulýan sarpa we olaryň azatlygy meselesinde Ýewropada görelde alarlyk ýurtlardan biridigini nygtady.

Erdogan “Sisak Yslam medeniýet merkezi Horwatiýanyň hem-de Sisak şäheriniň köp medeniýetli gurluşynyň esasy simwollaryndan biri bolar” diýdi.



Degişli Habarlar