“Eren Gabaw-31” Operasiýasynyň Çäginde 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Sebitde operasiýalar dowam edýär

1877099
“Eren Gabaw-31” Operasiýasynyň Çäginde 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

“Eren Gabaw-31” operasiýasynyň çäginde, Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda bolan ýaragly çaknyşykda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Içeri işler ministrliginden berlen beýannama görä, “Eren Gabaw-31” operasiýasynyň çäginde, Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda terror guramasyna garşy 5-nji sentýabrda operasiýa guraldy.

Operasiýada terrorçylar bilen bolan çaknyşykda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy ýaraglary bilen birlikde täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Sebitde operasiýalar dowam edýär.

 



Degişli Habarlar