Ministr Dönmez: "Magdan önümleriniň eksportynda rekord täzelener" diýdi

Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez Türkiýäniň magdan önümleriniň eksportynda geçen ýyl rekordyň goýulandygyny ýatladyp: "Deslapky görkezijiler şu ýyl hem rekordyň täzelenjekdigini görkezýär" diýip habar berdi

1873329
Ministr Dönmez: "Magdan önümleriniň eksportynda rekord täzelener" diýdi

Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginden berilen beýannama görä, 2021-nji ýylda Respublika taryhynyň rekordyny täzeläp, 5,93 milliard dollarlyk eksport amala aşyran magdan önümleri pudagy, 2022-nji ýylda hem rekordy täzelemek üçin iş alyp barýar. 

Täze bazar gözleglerini dowam etdirýän, ozalky bazarlara hem goşulan bahaly önüm eksport edýän pudakda eksport, şu ýylyň ilkinji 6 aýynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 19 göterimlik artyş bilen 2,82 milliard dollardan 3,36 milliard dollara ýetdi. 

Eksportda sanawyň ilkinji ornunda 713 million dollar bilen Hytaý gelýän bolsa, Hytaýdan soň 328 million dollar bilen ABŞ we 214 million dollar bilen Bolgariýa gelýär. 

Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez Türkiýäniň ýerasty baýlyk taýdan dünýäniň öňdebaryjy ýurtlaryň biridigini beýan etdi. 

Soňky ýyllarda Türkiýäniň ykdysadyýetiniň ösmeginde eksportyň paýynyň uludygyny aýdan Fatin Dönmez: "Magdan önümleri eksportymyz hem şolaryň hatarynda durýar, hat-da sanawyň öňdäki ornunda durýär. Geçen ýyl magdan önümleri eksporty boýunça Respublika taryhynyň rekordyny täzeledik. Deslapky görkezijiler şu ýyl hem rekordyň täzelenjekdigini görkezýär. Şol artyşda ýarym taýar we taýar önümleriň bahalarynyň ýokarlamagy ýene-de bir buýsandyryjy habar. Goşma bahaly önümleriň eksportyny has hem artdyryp, ýurdumyza has köp daşary ýurt walýutasyny getireris" diýip habar berdi. 

Ýerasty baýlyklary tebigata we daşky gurşaw zyýan ýetirmeden ykdysadyýeti ösdürmek üçin iş alyp barýandyklaryny aýdan Fatih Dönmez: "Hemişe aýdyp geçişimiz ýaly: Hem daşky gurşawymyzdan hem-de magdan önümlerimizden ýüz öwürmeris. Şol sebäpli tebigata hormat goýup, daşky gurşawa duýgur bolup milli magdan önümleri syýasaty bilen hereket etmegi dowam etdireris" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar