Erdogan Malazgirt Ýeňişiniň 951-jni ýyly mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Günorta serhedimizi 30 km çuňlukda bir koridor bilen howpsuzlyk astyna alynýança çenli terrora garşy göreşimiziň tamamlanmajakdygyny bütin dünýä ýene-de bir gezek yglan edýärin" diýip belledi

1872443
Erdogan Malazgirt Ýeňişiniň 951-jni ýyly mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Malazgirt Ýeňişiniň 951-jni ýyly mynasybetli Bitlis welaýatynyň Ahlat etrabynda geçirilýän çärelere gatnaşdy. 

Erdogan ol ýerde eden çykyşynda, türklere Anadolynyň gapylaryny açan Malazgirt Ýeňişiniň 951-nji ýylynda, ýeňişi gazanan Beýik Seljukly hökümdary Alparslany uly hormat bilen hatyralap geçdi. 

Erdogan: "Ýaşlarymyzyň Ahlata we Malazgirde eýe çykýandyklaryny gördükleri saýyn beýik we güýçli Türkiýäniň gelejegine bolan ynamymyz, 2053-nji ýyl maksatnamamyza bolan umydymyz artýar" diýip belledi. 

Prezident Erdogan: "Ahlat we Malazgirt medeniýetimizi ýaňadandan beýgeltmek baradaky ygtyýarymyzyň adydyr, dostlarymyza ynam, duşmanlarymyza gorky salýan beýgelişimiziň möhüridir" diýip nygtady. 

"Günorta serhedimizi 30 km çuňlukda bir koridor bilen howpsuzlyk astyna alynýança çenli terrora garşy göreşimiziň tamamlanmajakdygyny bütin dünýä ýene-de bir gezek yglan edýärin" diýip aýdan Prezident Erdogan: "Ýurdumyzyň howpsuzlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna, öz meýilnamalarymyza görä operasiýalarymyzy dowam etdireris. Gijeleriň birinde duýdansyz gelip bileris. Hem-de islendik ýere gelip bileris" diýip habar berdi. 

Erdogan: "Terror guramalarynyň başlaryny mynjyratdyk, mynjyradýarys, mundan soň hem mynjyratmaga dowam ederis" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar