Milli Goranmak ministri Hulusi Akar Siriýa we F-16 meseleleri barada beýanat berdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Siriýanyň demirgazygynda guralmagy ähtimal operasiýa bilen bagly: "Ýurdumyzyň we serhetlerimiziň howpsuzlygy üçin halkara hukuk we kanun taýdan operasiýa geçirmek Türkiýäniň iň adaty hukugydyr" diýip nygtady

1871363
Milli Goranmak ministri Hulusi Akar Siriýa we F-16 meseleleri barada beýanat berdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, düýn Prezidentiň kompleksinde geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. 

Siriýanyň hökümedi bilen gepleşikleriň başlap-başlamajakdygy bilen bagly soraga Hulusi Akar, Prezidentiň we ministrleriň bu meselede beren beýanatlarynyň bardygyny ýatladyp, gepleşikleriň şertlere we ýadgaýa bagly bir tapgyrdygyny beýan etdi. 

Siriýanyň hökümedi bilen geçirilmegi ähtimal gepleşiklerde Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň etjek ädimi bilen bagly soraga Ministr Hulusi Akar: "Ýurdumyzyň we serhetlerimiziň howpsuzlygy üçin halkara hukuk we kanun taýdan operasiýa geçirmek Türkiýäniň iň adaty hukugydyr. Bu babatda näme gerek bolsa şu günki güne çenli etdik, mundan soň hem ederis. Nähili ädim edilmeli bolsa, terror guramalarynyň arkasynda ýa-da öňünde kim bolsa bolsun wagty gelende ýerine ýetiriler. Biz üçin iň möhüm zat ýurdumyzyň haklaryny we bähbitlerini goramakdyr we ol ugurda tutanýerlidiris" diýip habar berdi. 

Ministr Hulusi Alar Türkiye Respublikasynyň nyşanasynyň diňe terrorçylardygyny beýan etdi. 

Siriýanyň demirgazygynda guralmagy ähtimal operasiýa bilen bagly soraga ministr Hulusi Akar: "Operasiýa şonsyz hem geçirilýär, şonsyz hem bolar. Ähli zadyň ýeri we wagty bar. Taktikasy bar, tehnikasy bar, inženerçiligi bar, hasaby bar" diýip nygtady. 

ABŞ-dan alynmagy meýilleşdirilýän F-16 harby uçarlar bilen bagly soraga Hulusi Akar, mesele bilen bagly 4-nji maslahatyň 15-nji awgustda ABŞ-da geçirilendigini belläp, gepleşikleriň oňyn ýagdaýda dowam edýändigini mälim etdi. 



Degişli Habarlar