"Abdülhamid Han" gämisi "Ýörükler-1" guýusynda buraw işlerine başlady

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, sosial media hasabyndan "Abdülhamid Han" buraw gämisi bilen baglanşykly beýannama berdi

1869346
"Abdülhamid Han" gämisi "Ýörükler-1" guýusynda buraw işlerine başlady

Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, Türkiýäniň 4-nji buraw gämisi bolan "Abdülhamid Han" gämisiniň "Ýörükler-1" guýusynda buraw işlerine başlandygyny mälim etdi. 

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, sosial media hasabyndan "Abdülhamid Han" buraw gämisi bilen baglanşykly beýannama berdi. 

Gäminiň soňky ýagdaýy barada maglumat beren Fatih Dönmez: "Abdülhamid Han buraw gämimiz Ýörükler-1 guýusynda ilkinji buraw işine başlady. Gara deňiziň şatlygyny bu gezek bolsa Ortaýer deňizinde täze buşlukly habarlar bilen ýaşatmakda tutanýerlidiris. Inžinerlerimiziň zähmeti we milletimiziň dogalary bilen gämimiziň işi ugruna bolsun, buraw bereketli gelsin" diýip habar berdi. 

"Abdülhamid Han" buraw gämisi, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň gatnaşmagynda geçirilen dabara bilen 9-njy awgustda ilkinji iş alyp barjak ýeri bolan "Ýörükler-1" guýusyna tarap ugradylypdy. 

Ministr Fatih Dönmez gäminiň 10-njy awgustda iş alyp barjak meýdançasyna barandygyny aýan edipdi. 



Degişli Habarlar