Diýarbakyrda Eren Gabaw-33 operasiýasy başladyldy
Diýarbakyr welaýatynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy Eren Gabaw-33 operasiýasy başladyldy
1866516
Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, terror guramasy PKK-ny ýurduň güntertibinden çykarmak we sebitde bardygy anyklanan terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek maksady bilen Diýarbakyr welaýatynda "Eren Gabaw-33 şehit žandarma seržant Muhammet Tufan" atly operasiýa başladyldy.
Beýanatda operasiýa 1054 harby gullykçynyň gatnaşýandygy mälim edildi.
Ýurduň içinde terrory dolulygyna ortadan aýyrmak maksady bilen geçirilýen Eren Gabaw operasiýalarynyň halkyň goldawy bilen erjellik we tutanýerlilik bilen dowam edýändigi habar berildi.
Degişli Habarlar
Türkiýe Gaza Ynsanperwer Kömegini Bermäge Dowam Edýär
Önjü Keçeli, Türkiýäniň Gaza iň köp ynsanperwer kömegini beren ýurtdygyny aýtdy.