Prezident Erdogan Yslamy Arkalaşyk Oýunlaryny Başlatdy

“V Yslamy Arkalaşyk oýunlaryny başladýarys. Oýunlar düşümli bolsun” diýdi.

1865821
Prezident Erdogan Yslamy Arkalaşyk Oýunlaryny Başlatdy
Konya.jpg
Konya-2
5. İslami Dayanışma Oyunları (3).jpg
5. İslami Dayanışma Oyunları (4).jpg
5. İslami Dayanışma Oyunları (5).jpg

Prezident R. T. Erdogan V Yslamy Arkalaşyk oýunlaryny başlatdy.

Prezident Erdogan, Konýanyň şäher häkimliginiň stadionynda, Yslamy Arkalaşyk sport federassiýasynyň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň gatnaşmagynda geçirlen V Yslamy Arkalaşyk oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Dabara, Erdogan bilen birlikde Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Aliýew, DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, Palestinanyň Premýer-ministri Muhammed Iştiýýe, Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama, Alžiriň Premýer-ministri Eýmen bin Abdurrahman, Yslamy Arkalaşyk sport federassiýasynyň başlygy Şa Abdulaziz Bin Türki Al Faýsal Al Suud hem gatnaşdy.

Prezident Erdogan açylyş dabarasynda sözlän sözünde, “V Yslamy Arkalaşyk oýunlaryny başladýarys. Oýunlaryň geçirilmegi üçin zähmet çeken her bir adamy öz adymdan we halkymyň adyndan gutlaýaryn.  Oýunlar düşümli bolsun” diýdi.

Açylyş dabarasy Gurhanyň okalmagy bilen başlady. Oýunlara gatnaşýan ýurtlaryň ýolbaşçylarynn stadiona gelmegi bilen Döwlet senasy ýerine ýetirildi we Türkiýäniň baýdagy, baýdak diňine göterildi.

Oýunlara gatnaşýan ýurtlaryň türgenleri öz ýurtlarynyň baýdagy bilen stadiona geldi.

Musulman dünýäsiniň tanymal sungat ussatlaryndan Maher Zain hem V Yslamy Arkalaşyk oýunlarynyň açylyş dabarasynda konsert programmasy bilen çykyş etdi.



Degişli Habarlar