Süleýman Soýlu Jerabulusda bombaly hüjümiň öňüniň alynandygyny habar berdi

Ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýanyň Jerabulus şäherinde guramagy meýilleşdiren bombaly hüjüm, Türkiýäniň howpsuzlyk güýçleriniň operasiýasy bilen öňi alyndy

1864623
Süleýman Soýlu Jerabulusda bombaly hüjümiň öňüniň alynandygyny habar berdi

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "PKK/PÝD-niň Ýewfrat Galkany operasiýasy sebitiniň çäklerindäki Jerabulus şäherinde guramak islän bombaly hüjüm, Howpsuzlyk güýçleriniň gözegçiligi we operasiýasy bilen öňi alyndy. 10 kg agyrylygyndaky partladylmaga taýar ýagdaýa getirilen bomba saklandy. Içeri işler edarasynyň Baş müdürliginiň Razwedka gullugynyň, Kilis we Gaziantep welaýatlaryndaky bölümlerini gutlaýarys" diýip belledi. 



Degişli Habarlar