Fatih Dönmez "Abdülhamid Han" gämisiniň birnäçe gün soň Ortaýer deňizine çykjakdygyny habar berdi

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez Türkiýäniň 4-nji burawlaýyş gämisi bolan "Abdülhamid Han" gämisiniň birnäçe gün soň Ortaýer deňizine çykjakdygyny mälim etdi

1864716
Fatih Dönmez "Abdülhamid Han" gämisiniň birnäçe gün soň Ortaýer deňizine çykjakdygyny habar berdi

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, Twitter hasabyndan beren beýanatynda, gäminiň buraw mümkinçiligi, deňizçilik, ulgam we enjam synaglarynyň tamamlanandygyny belläp: "Abdülhamid Han gämisi Ortaýer deňizine çykmak üçin gün sanaýar" diýip habar berdi. 

Täze nesil tehnologiýa eýe bolan Abdülhamid Han buraw gämisi, 27-nji iýulda portdan takmynan 10 mil uzaklaşypdy we synag işlerini tamamlap, 2-nji awgustda yzyna porta gaýdyp gelipdi. 

Ministr Fatih Dönmez ozal beren beýanatynda gäminiň Ortaýer deňizinde iş alyp barjakdygyny aýan edipdi. 

Işleri tamamlanan gäminiň Mersin welaýatynyň Taşuju deňiz menzilinden 9-njy awgustda Prezident Rejep Taýýip Erdogan tarapyndan ilkinji saparyna ugradylmagyna garaşylýar. 



Degişli Habarlar