Türkiýäniň Goranmak ministri Latwiýa bardy

Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akar Latwiýa bardy

1860717
Türkiýäniň Goranmak ministri Latwiýa bardy

Resmi saparyň çäginde Latwiýanyň paýtagty Riga şäherine baran Hulusi Akar üçin ilkinji dabara Brethrende geçirildi. 

Ýurduň iň uly ýadygärlik kompleksi aýratynlygyna eýe bolan Gahrymanlar gonamçylygynda Latwiýanyň Wise-premýeri we Goranmak ministri Artis Pabriks tarapyndan garşylanan Hulusi Akar, ondan soň bolsa dabaranyň geçiriljek meýdança geçdi. 

Hulusi Akaryň harby dabara toparyna salam bereninden soň başlan çärede, harby aýdym-saz tarapyndan ýurtlaryň milli senalary ýerine ýetirildi. Ýadygärlige gül desselerini goýan Akar, ondan soň bolsa hormatly dymyşlygy ýerine ýetirdi. 

Dabara esgerleriň resmi ýörişinden soň tamam boldy. 



Degişli Habarlar