ABŞ, Prezident Erdoganyň Galla Krizisiniň Çözülmegi Üçin Edýän Tagallasyndan Hoşal

“Ukrainadaky gallanyň halkara bazarlara ýetirilmegi üçin edýän tagallasy üçin Jenap Erdogana minnetdarlyk bildirýäris"

1857132
ABŞ, Prezident Erdoganyň Galla Krizisiniň Çözülmegi Üçin Edýän Tagallasyndan Hoşal

ABŞ, Prezident Erdoganyň Ukrainadaky gallanyň halkara bazarlara ýetirilmegi üçin edýän tagallasyna hoşallyk bildirdi.

Ak Tamyň Milli howpsyzlyk geňeşiniň Kommunikasiýa bölüminiň ýolbaşçysy Jon Kirbi metbugata beren beýannamasynda, ABŞ-nyň alyp barýan daşary syýasaty hakynda maglumat berdi.

Türkiýäniň, Eýranyň we Russiýanyň arasynda düýn Eýranda geçirlen gepleşik hakyndaky soraga hem jogap beren Kirbi, “Türkiýäniň, Russiýanyň we Ukrainanyň arasynda galla eksporty üçin geçirilýän gepleşiklere uly ähmiýet berýäris”diýdi.

Kirbi “Ukrainadaky gallanyň halkara bazarlara ýetirilmegi üçin edýän tagallasy üçin Jenap Erdogana minnetdarlyk bildirýäris. Prezident Jo Baýden hem bu meselede Erdogana sagbolsun aýtdy. Erdogan galla krizisiniň çözülmegi üçin uly tagalla edýär” diýip belledi.



Degişli Habarlar