Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan indi öz maksatlaryny kesgitleýän, şol ugurda gerek bolan ädimleri tutanýerlilik bilen edýän bir Türkiýäniň bardygyny habar berdi

1853017
Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Prezident Erdogan, paýtagt Ankara şäherinde geçirilen çäreleriň birinde çykyş etdi. 

Erdogan geçmişde bu ýurdyň aýaga galmagyna päsgel berýänleriň ellerindäki kartlaryny, sabyrlylyk bilen alynyp barylan göreş bilen bir-birden ellerinden alandyklaryny beýan etdi. 

Indi öz maksatlaryny kesgitleýän, şol ugurda gerek bolan ädimleri tutanýerlilik bilen edýän bir Türkiýäniň bardygyny aýdan Erdogan: "Bilimden saglygy goraýyşa, howpsuzlykdan adalada, transportdan energetika, şäherçilikden sosial goldawlara çenli ähli ugurlar boýunça bar bolan güýçli infrastrukturasy bilen maskatlaryna tarap barýan Türkiýe bar. Global maliýe krizisi, global saglygy goraýyş krizisi, Russiýa-Ukraina söweşi ýaly dünýäde başdan geçirilýän kyn synaglar, Türkiýäniň eýe bolan şol güýji has hem möhüm we manyly ýagdaýa öwürdi. Ýurdumyz dünýäniň iň ösen 10 ýurdyň arasyndaky saýlanan ýerine geçmäge hemişekiden has hem ýakyndyr" diýip belledi. 



Degişli Habarlar