Somaliniň Prezidenti Türkiýede saparda bolýar

Ondan soň ikiçäk duşuşyk geçirmäge geçen Erdogan we Mahmud, soň bolsa toparara maslahat geçirerler

1852750
Somaliniň Prezidenti Türkiýede saparda bolýar

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherine resmi sapar bilen gelen Somaliniň Prezidenti Hasan Şeyh Mahmudy Prezidentiň kompleksinde resmi dabara bilen garşylady. 

Somaliniň Prezidenti Hasan Şeyh Mahmud üçin Prezidentiň kompleksinde resmi dabara geçirildi. 

Ondan soň ikiçäk duşuşyk geçirmäge geçen Erdogan we Mahmud, soň bolsa toparara maslahat geçirerler. 

Mahmud Türkiýä guran saparynyň çäginde Ysparta welaýatynda tälim alýan somalili esgerler bilen duşuşypdy. 

Somaliniň Prezidenti Hasan Şeyh Mahmud soň bolsa Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Gazy Mustafa Kemal Atatürkiň aramgähiniň ýerleşýän Anytkabiri zyýarat edipdi. 


Etiketkalar: #sapar , #Türkiýe , #Somali

Degişli Habarlar