Prezident Erdogan somalili kärdeşi Mahmud bilen umumy metbugat ýygnagyny geçirdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Türkiýäniň soňky 10 ýylda Somali döwletine beren ynsanperwer kömeginiň we galkynyşy üçin beren kömekleriniň mukdarynyň 1 milliard dollardan geçendigini habar berdi

1852917
Prezident Erdogan somalili kärdeşi Mahmud bilen umumy metbugat ýygnagyny geçirdi
Hasan Seyh Mahmud-Erdogan1.jpg
Hasan Seyh Mahmud-Erdogan.jpg
erdogan somali.jpg

Somaliniň Prezidenti Hasan Şeýh Mahmud üçin Prezidentiň kompleksinde resmi garşylyma dabarasy geçirildi. 

Ondan soň ikiçäk we toparara gepleşikler bilen resminamalara gol çekilşik dabarasyndan soň umumy metbugat ýygnagy geçirildi. 

Somaliniň 2011-nji ýylda halkara jemgyýetiň aýdyşy ýaly çökmek nokadyna gelendigine ünsleri çeken Prezident Erdogan, şol ýyl uly wekiliýet bilen Somali döwletine sapar gurap, somalileriň ýanyndadyklary barada ýüzlenme berendiklerini habar berdi. 

Şol saparda Türkiýäniň Mogadişu şäherindäki ilçihanasyny açandyklaryny aýdan Erdogan, Türkiýäniň iň uly ilçihanasynyň binasynyň Somalidedigini mälim etdi. 

Saglygy goraýyşdan bilime, infrastrukturadan beýleki ugurlaryň ösüşine çenli Somali döwletine ähli ugurlar boýunça goldaw bermäge dowam edýändiklerini aýdan Erdogan: "Türkiýäniň soňky 10 ýylda Somali döwletine beren ynsanperwer kömegi we galkynyşy üçin beren kömekleriniň mukdary 1 milliard dollardan geçdi. Şu gün howpsuzlyk we ykdysadyýet başda bolmak bilen Somaliniň ençeme ugur boýunça möhüm özgerlişikler amala aşyrandygyny görmekden hoşaldyryn" diýip belledi. 

Somaliniň Prezidenti Hasan Şeýh Mahmud bilen geçiren duşuşygynda Türkiýe-Somali gatnaşyklaryny jikme-jik ýagdaýda maslahatlaşandyklaryny aýdan Erdogan, biri-birinden tapawutly ugurlardaky hyzmatdaşlyklaryny artdyryp dowam etdirmek we gatnaşyklary berkitmek barada ylalaşandyklaryny habar berdi. 

Gepleşikleriň barşynda sebitleýin meseleleri ele alyp, Somaliniň asudalygynyň we howpsuzlygynyň bütin sebit üçin möhümdigini belläp geçendiklerini aýdan Erdogan, Türkiýe hökmünde Somaliniň asudalygyna we howpsuzlygyna, terrora garşy göreşine goşant goşmaga dowam etmek baradaky tutanýerliligini ýene-de bir gezek nygtap geçendiklerini aýan etdi. 

Mahmud Türkiýä guran saparynyň çäginde Ysparta welaýatynda tälim alýan somalili esgerler bilen duşuşypdy. 

Somaliniň Prezidenti Hasan Şeýh Mahmud soň bolsa Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Gazy Mustafa Kemal Atatürkiň aramgähiniň ýerleşýän Anytkabiri zyýarat edipdi. 



Degişli Habarlar