Erdogan Dragi Bilen Bilelikde Metbugat Ýygnagyny Geçirdi

Prezident R.T.Erdogan resmi sapar bilen Ankara gelen Italiýanyň Premýer-ministri Mario Dragi bilen ikiçäk we Hökümetara sammitden hem-de ylalaşyklara gol çekiş dabarasyndan soň bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

1852454
Erdogan Dragi Bilen Bilelikde Metbugat Ýygnagyny Geçirdi

Erdogan metbugat ýygnagynda Gara deňizde galla geçelgesiniň açylmagy hakynda;  “Bir hepde-10 günüň dowamynda gepleşiklerimiziň depginini ýokarlandyryp, netije almaga çalşarys” diýdi.

Italiýanyň premýer-ministri Dragi bilen hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň artdyrylmagy hakynda pikir alyşandyklaryny beýan eden Erdogan; “Ortaýer deňizine kernardaş iki goňşy  ýurt hökmünde hem sebitleýin hem-de global meselelerde pikir alyşdyk. Ençeme ugurda gatnaşyklarymyzyň konstruktiwleşmegini berçinleşdirjek 9 ylalaşyga gol goýduk. Ykdysady we söwda gatnaşyklarymyz günsaýyn ösýär. Pandemiýa garamazdan söwda mukdarymyz geçen ýyl 34 göterime barabar artyp, rekord derejede 23 milliard dollardan geçdi. Özara söwda gatnaşyklarymyzyň özbolyşlygy, deňagramly bolmagy. Görkezijiler şu ýyl 25 milliard dollardan geçjekdigimizi alamatlandyrýar” diýdi.

Erdogan galla meselesi boýunça soraga jogap hökmünde, esasanda Gara deňiz geçelgesiniň iňňän möhümdigini aýtdy.

Mesele boýunça hem Russiýanyň hem-de Ukrainanyň döwlet ýolbaşçylarynyň garaýyşlarynyň möhümdigini beýan eden Erdogan; “Gepleşiklerimizi dowam etdirýäris. Bugdaýyň, arpanyň, günebakar çigidiniň dünýä ýetirilmegi hökmany. Mysaş üçin biziň häzirki wagtda bu meselelerde kynçylygymyz ýok, emma dünýäde ýetmezçilik bar. Esasanda Afrikada uly ýetmezçilik bar we biz bu meselede iki lidere hem töwellaçy bolmaga hem-de ony BMG-niň çäginde Hormatly Guterriş bilen geňeşip, dowam etdirmek isleýäris. 1 he-de-10 günüň dowamynda gepleşiklerimiziň depginini güýçlendirip, netije almaga çalşarys” diýdi.

Prezident Erdogan soň bolsa Italiýanyň premýer-minsitri Mario Draginiň hormatyna resmi agşam naharyny berdi.



Degişli Habarlar