Italiýanyň Premýer ministri Türkiýä geldi

Italiýanyň Premýer ministri Mario Dragi Türkiýede saparda bolýar

1852311
Italiýanyň Premýer ministri Türkiýä geldi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, paýtagt Ankara şäherindäki Prezidentiň Kompleksinde Italiýanyň Premýer ministri Mario Dragini resmi dabara bilen garşylady. 

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, Italiýanyň Premýer ministri Mario Dragi Türkiýä guran saparynyň çäginde Prezident Erdogan bilen Türkiýe-Italiýa Üçünji hökümetara sammitiniň maslahatyna ýolbaşçylyk eder. 

Maslahatda Türkiýe-Italiýa gatnaşyklary ählitaraplaýyn gözden geçiriler, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özgerdilmegi üçin edilip bilinjek ädimler ara alynyp maslahatlaşylar. 

Italiýanyň Premýer ministri Mario Draginiň saparynyň çäginde Italiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde Türkiýe-Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklary bilen sebitleýin we global meseleler barada pikir alyşar. 



Degişli Habarlar