Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Şyrnak welaýatynyň Beýtüşşebap etrabynyň çäklerinde başladylan Eren Gabaw-17 operasiýasynyň çäginde, 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1851307
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda: "Şyrnak welaýatynyň Beýtüşşebap etrabynyň çäklerinde 2022-nji ýylyň 4-nji iýulynda Şyrnak welaýatynyň sebitleýin serkerdeliginiň koordinasiýasy esasynda, Beýtüşşebap etrabynyň Žandarma güýçleriniň Komandos polky bilen Şyrnak welaýatynyň Žandarma serkerdeligine degişli ýöriteleşdirilen toparlar, komandos toparlary we howpsuzlyk goragçylaryndan ybarat toparlar tarapyndan Žandarmanyň ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň goldaw bermeginde Eren Gabaw-17 operasiýasynyň çäginde, ekstremist terror guramasyna agza 2 terrorçy M-16 ýaraglary we ok-därileri bilen bilelikde täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar