“Finlýandiýa Bilen Şwesiýa Ähtnamanyň Kadalaryny Berjaý Etmeseler Olary NATO Almarys”

Mewlüt Çawuşogly hususy telewideniýe kanalyna gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýannama berdi.

1851583
“Finlýandiýa Bilen Şwesiýa Ähtnamanyň Kadalaryny Berjaý Etmeseler Olary NATO Almarys”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Şwesiýa we Finlýandiýa bilen baglaşylan üçtaraplaýyn ähtnama hakynda beren beýannamasynda “Ähtnamanyň kadalaryny berjaý etmeli bolarlar. Eger şeýle bolman halatynda olary NATO almarys” diýdi.

Mewlüt Çawuşogly hususy telewideniýe kanalyna gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýannama berdi.

Türkiýäniň, Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň arasynda, şol iki ýurduň NATO agzalyk etabynyň başladylmagy üçin geçen hepde İspaniýada geçirlen NATO-niň liderler maslahatynyň öňüsyrasynda baglaşylan ähtnama hakynda durup geçen Çawuşogly, “Biz PÝD bilen ekstemist terror guramasy PKK-nyň biri-biri bilen arabaglanşyklydygyny subut edýän resminamalary hödürledik. Edil şonuň ýalyda yzyna beriljek terrorçylar, terror guramasyna goldaw berýänler we terror guramasy bilen arabaglanşykly bolanlaryň sanawyny berýäris” diýdi.

Türkiýäniň şertlerini açyk aýdyň beýan edendigini, Finlýandiýa bilen Şwesiýanyň şol şertleri kabul edendigini nygtan Çawuşogly “Olar ähtnamanyň kadalaryny berjaý etmeli bolarlar. Eger şeýle bolman halatynda olary NATO almarys” diýdi.

 



Degişli Habarlar