Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp operasiýasy sebitinde 1 esger şehit boldy
Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi beýannama berdi
1849443
Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Penje-Gulp operasiýasy sebitinde, ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan od açylmagy netijesinde starşina Abdullah Baýramyň şehit bolandygy habar berildi.
Beýanatda: "Bizi çuňňur gynandyran we gam-gussa bogan bu wakada ýogalan eziz şehidimize Alladan rehnet, gussaly maşgalasyna, Türkiýäniň Ýaragly güýçleri bilen beýik milletimize gynanç we sabyr dileýäris" diýip mälim edildi.
Degişli Habarlar
TRT-niň Ispan Dilindäki Digital Ýaýlymlary Başlaýar
Ertir TRT-niň Ispan dilindäki digital ýaýlym platformasy tanyşdyrlar