Siriýanyň demirgazygyndaky Ýewfrat Galkany sebitinde 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýanyň demirgazygyndaky Ýewfrat Galkany sebitine hüjüm guran ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1849882
Siriýanyň demirgazygyndaky Ýewfrat Galkany sebitinde 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Siriýanyň demirgazygynda terrorçylaryň hüjümini jogapsyz goýmadyk, mundan soň hem goýmarys. Ýewfrat Galkany sebitine hüjüm guran PKK/ÝPG-e agza 5 terrorçy gahryman komandos toparlarymyz tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi. Göreşimiz tutanýerlilik bilen dowam eder" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar