Eren Gabaw-2 operasiýasynda PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Eren Gabaw-2 operasiýasynda, Hakkari welaýatynyň Kyrykdag obasynyň golaýynda düýn ekstremist terror guramasy PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1849453
Eren Gabaw-2 operasiýasynda PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu Twitterden beren beýanatynda: "Gaçyp bilmersiňiz. Eren Gabaw-2 operasiýasynda, Hakkari welaýatynyň Kyrykdag obasynyň golaýynda 28-nji iýunda Žandarma güýçleriniň ýöriteleşdirilen topary we Žandarma güýçleriniň komandos toparlary tarapyndan uçarmansyz howa ulaglarynyň we ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň gatnaşmagynda geçirilen operasiýada ýene-de 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Gahryman ýigitlerimizi gutlaýarys" diýip habar berildi. 

Içeri işler ministrligi hem sebitde operasiýanyň dowam edýändigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar