Türkiýe Iordaniýa gynanç bildirdi

Türkiýe Iordaniýanyň Akabe portynda bolan partlamada ýogalan adamlar sebäpli gynanç bildirdi

1849110
Türkiýe Iordaniýa gynanç bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Akabe portyndaky partlamada ýogalan adamlaryň bardygy we köp sanda adamyň ýaralanandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Bu gynandyryjy wakada ýogalan adamlara Alladan rehnet dileýäris. Wakada ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlary başda bolmak bilen dostlukly we doganlyk Iordaniýanyň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip habar berildi. 

Iordaniýanyň Akabe deňiz menzilinde zäherli gaz ýüklenen tankyň agdarylmagy netijesinde bolan partlamadan soň emele gelen gaz syzmasy sebäpli 12 adamyň ýogalandygy we 260 adamyň ýaralanandygy aýan edilipdi. 



Degişli Habarlar