Prezident Erdogan Madride gitmeden ozal metbugat ýygnagyny geçirdi

Erdogan: "Şwesiýa we Finlýandiýa NATO agza bolmak isleýän bolsa alýansyň 70 ýyllyk agzasy bolan Türkiýäniň howpsuzlyk aladalaryna ünsli çemeleşmäge mejburdyr" diýdi

1849237
Prezident Erdogan Madride gitmeden ozal metbugat ýygnagyny geçirdi

Prezident Erdogan şu gün başlajak we 2 gün dowam etjek "NATO agza ýurtlaryň Döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň sammitine" gatnaşmak maksady bilen Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherine gitmeden ozal, paýtagt Ankara şäherindäki Esenboga howa menzilinde metbugata beýanat berdi. 

Erdogan Ukrainadaky söweşiň dowam edýän tankydy bir döwürde geçirilýän sammitde, NATO-nyň Ýewropa-Atlantik geografiýasynyň howpsuzlygy taýdan eýeleýän rolunyň tassyklanjakdygyny belledi. 

Ukraina söweşiniň alýansa täsirleri, NATO-nyň eýmendirme we goranyş bilen bagly tagallalary we terrorizme garşy göreşiň ele alynjak sammitden tamalarynyň, alýansdaky raýdaşlygyň şertsiz ýagdaýda orta goýulmagydygyny aýdan Erdogan: "Ýaranlarymyzdan terrorizmiň ähli görnüşlerine garşy göreşde tapawut goýmazlyklaryny, ýaranlaryň birine garşy howpuň aslynda bütin NATO garşy howp manysyna gelýändigine göz ýetirmeklerini görmek isleýäris" diýip habar berdi. 

Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agza bolmak üçin tutan ýüz tutmalarynyň sammitde öňe çykaryljak meseleleriň biri boljakdygyny aýdan Erdogan: "Bu meseledäki çemeleşmämiz indi her kim tarapyndan mälimdir. Iň başyndan bäri Türkiýäniň esasy bähbitlerine wehim salýan PKK we PÝD/ÝPG başda bolmak bilen her dürli şahalarynyň şol ýurtlarda arkaýyn ýagdaýda hereket etmeklerine böwet bolunmagy bilen bagly tamalarymyzy nygtap geçeris. Bu hakly pozisiýamyzy sammitde ýene-de bir gezek açyk ýagdýada düşündireris" diýip mälim etdi. 

Prezident Erdogan Madritde Şwesiýanyň Premýer ministriniň, Finlýandiýanyň Prezidentiniň we NATO-nyň Baş sekretarynyň gatnaşmagynda Dörttaraplaýyn sammit geçirjekdiklerini belläp: "Biz gury sözler islemeýäris, netije isleýäris" diýip aýtdy. 

NATO agzalygyň biri-birinden tapawutly jogapkärçilikleri hem ýany bilen getirýändigini aýdan Erdogan: "Şwesiýa we Finlýandiýa NATO agza bolmak isleýän bolsa alýansyň 70 ýyllyk agzasy bolan Türkiýäniň howpsuzlyk aladalaryna ünsli çemeleşmäge mejburdyr" diýip nygtady. 

Erdogan sammitiň çäginde käbir ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary bilen ikiçäk duşuşyklar geçirjekdigini, duşuşyklarda hem güntertibindäki ikitaraplaýyn meseleleri, NATO-nyň çägindäki hyzmatdaşlygy we global derejedäki meseleleri maslahatlaşjakdyklaryny mälim etdi. 

Şu gün irden ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny aýdan Erdogan: "Baýden şu gün agşam ýa-da ertir ýaňadandan duşuşyk geçirmegi tama edýändigini aýtdy. Biz hem bolup biler diýip jogap berdik" diýip habar berdi. 

Erdogan sammitiň çäginde Gresiýanyň Premýer ministri Kiriakos Misotakis bilen ikiçäk duşuşyk geçirmeginiň mümkin däldigini nygtap: "Gresiýa bilen ýokary derejeli strategik maslahatymyz bardy, ony aýyrdym. Mundan beýläk geçirilmegi mümkin däl, ol iş ýapyldy. Indi ol gapyny ýapdyk. Mundan beýläk özlerini tertipleşdirsinler" diýip aýtdy. 



Degişli Habarlar