Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama berdi

Prezident Erdogan: "Siriýa serhedimizde emele getirmäge başlan howpsuzlyk koridorynyň kemçiliklerini tamamlap, degişli taýarlyklary görenimizden soň täze operasiýalara başlarys" diýip habar berdi

1848878
Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, paýtagt Ankara şäherindäki Prezidentiň kompleksinde geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama berdi. 

Siriýa serhedinde emele getirilmäge başlanan howpsuzlyk koridorynyň kemçiliklerini tamamlap, degişli taýarlyklar görüleninden soň täze operasiýalara başlajakdyklaryny aýdan Prezident Erdogan: "Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň ähli gurluşlaryna taýarlyk işlerinde üstünlikler arzuw edýärin" diýip nygtady. 

Prezident Erdogan çykyşynda şu gün Ispaniýada geçiriljek NATO agza ýurtlaryň Liderler sammitine gitjekdigini belläp: "Ýurdumyzyň hukuklarynyň we bähbitleriniň çäginde näme edilmeli bolsa ony ederis" diýip belledi. 

Erdogan: "NATO sammitinde PKK/ÝPG, FETŞ ýaly terror guramalary babatynda edilýän ikiýüzlilikleri söhbetdeşlerimize resminamalar, maglumatlar, materiallar bilen beýan ederis" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar