Süleýman Soýlu bikanun immigrantlar bilen bagly beýannama berdi

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Türkiýede şu ýylyň başyndan bäri 126 müň bikanun immigrandy saklandyklaryny habar berdi

1848502
Süleýman Soýlu bikanun immigrantlar bilen bagly beýannama berdi

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Izmirde geçirilen dabaralaryň birinde eden çykyşynda, ýurda bikanun immigrantlaryň gelmezligi üçin arman-ýadaman işleýäniklerini belläp, emma siriýaly bosgunlaryň bikanun immigrantlar bilen bulaşdyrylmaly däldigini beýan etdi. 

Süleýman Soýlu siriýalylardan 510 müňüniň howpsuz zolaklara gaýdyp barandygyny mälim etdi. 

Tussag eden bikanun immigrantlara hem gowy çemeleşýändiklerini, şol adamlary ýurtlary bilen baglaşylan ylalaşyklara laýyklykda öz ülkelerine ugradýandyklaryny aýdan Süleýman Soýlu: "Türkiýede şu ýylyň başyndan bäri 126 müň bikanun immigrandy sakladyk. Işleýäris. Beýik Britaniýa hem Ruanda ugratjakdy, ugradyp bilmedi. Bir adamy hem ugradyp bilmedi. Biz näçe adam ugratdyk? Şu ýylyň başyndan bäri 44 müň 933 adamy öz ýurtlaryna ugratdyk" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar