Täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçy Terror sanawynyň çal kategoriýasyndady

Siirt welaýatyndaky Eren Gabaw-17 operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilen ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçynyň 1-iniň adynyň Terror sanawynyň çal kategoriýasynda bolandygy habar berildi

1847723
Täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçy Terror sanawynyň çal kategoriýasyndady

Siirt welaýatynyň Perwari etrabynyň Ýazlyja (Herekol) Dagy sebitinde bardygy anyklanan terrorçylara garşy, 19-njy iýunda geçirilen Eren Gabaw-17 Şehit Žandarma seržant Erjen Özjan operasiýasynda 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilipdi. 

Täsirsiz ýagdaýa getirilen terorçynyň biriniň Botan welaýatynyň Herekol sebitinde YJA-Star zenanlardan jogapkär, sapýor hökmünde iş alyp baran we ady Terrordan gözlenýänleriň sanawynda 500 müň lira sylag goýulan çal kategoriýadaky Arin adyny ulanýan Şükran Alp bolandygy anyklandy. 

Şol terrorçylaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi bilen 31-nji maýda Siirt welaýatynyň Perwari etrabynyň Dogan obasynyň golaýynda terrorçylar tarapyndan ýerleşdirilen elde ýaslan minanyň partlamagy netijesinde şehit bolan seržant Erjan Özjanyň gany ýerde galmady. 



Degişli Habarlar