Altun BMG-niň Adalatly Dünýä İdeýasyna Laýyklykda Özgerdilmelidigini Aýtdy

Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun BMG-niň global parahatçylyga, aşretli durmuş we adalat ideýalaryna laýyklykda “Adalatly dünýäni gurmak mümkin” diýilýän çagyryşa görä üýtgedilip gurulmalydygyny aýtdy.

1847801
Altun BMG-niň Adalatly Dünýä İdeýasyna Laýyklykda Özgerdilmelidigini Aýtdy

Altun Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan Arhentinanyň paýtagty Boýnes Airesde geçirilen “BMG-niň Howpsuzlyk geneşiniň özgerdilmegi: Halkara ulgamyň gaýtadan gurulmagyna täzeçe çemeleşme” atly ylmy-amaly maslahatda gatnaşyjylara wideo ulgam arkaly ýüzlendi.

BMG-niň 2-nji Jahan urşunyň sebäp bolan ýitgilerinden soň dünýäde şeýle elhenç söweşleriň gaýtalanmazlygy üçin 1945-nji ýylda Türkiýe bilen bilelikde 51 ýurt tarapyndan esaslandyrylandygyny ýatladan Altun, halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi hem-de onuň dowam etdirilmeginiň guramanyň esasy maksatlaryndan biri hökmünde kesgitlenendigini beýan etdi.

Altun geçmişde Bosniýa-Gersegowinada, Ruandada, Siriýada, Kosowada başdan geçirilen pajygalaryň öňüni alyp bilmedik guramanyň, soňky gezek Russiýanyň Ukraina guran we henizem dowam edýän hüjümlerinde-de şeýle biçäresiz galandygyny nygtady.

BMG-niň häzirki dolanşyk ulgamy bilen global meselelere çözgüt däl, çözgütsizlik getirýändigini ençeme gezek görendiklerini aýdan Altun; “Söweşiň taraplaryndan biriniň ýa-da meseläniň taraplaryndan biriniň BMG-niň hemişelik agzasy bolmagynyň meseleleri nähili çykgynsyzlaşdyrýandygyny gördük. BMG bu ulgam bilen ejiziň, ejir çekýäniň ýa-da mamlanyň däl, hamala diýersiňiz hemişelik bäş agzasynyň ýanynda tarap tutýar. BMG bar bolan ulgamda zalyma sesini çykaryp bilmejek ýagdaýda. Onuň esasy sebäbi guramanyň konstruktiw gurluşyndaky näsazlykdyr” diýdi.

Halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň egilşiksiz goralmagy üçin BMG-niň gaýtadan dizaýn edilmelidigini nygtan Altun; “Hormatly Prezidentimiziň beýan edişi ýaly diňe bäş ýurduň, bütin dünýäniň ykbalyny ugrukdyrjak meselelerde karar bermegi ne ahlakydyr ne-de adalatlydyr. Dünýä bäş ýurtdan uludyr. Köp blokly, köp merkezli, köp medeniýetli, giň gerimli we adalatly dünýäni gurmak mümkin. BMG-niň global parahatçylyk we adalat ideýasyna laýyklykda “Adalatly dünýäni gurmak mümkin” diýilýän çagyryşyna laýyklykda üýtgedilip gurulmaly” diýdi.



Degişli Habarlar