Türkiýe Malide guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýe Maliniň Bandiagara sebitinde asuda ilatdan 132 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen terrorçylykly hüjümi berk ýazgarýandygyny beýan etdi

1846465
Türkiýe Malide guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Bandiagara sebitinde guralan terrorçylykly hüjümde asuda ilatdan 132 adamyň ýogalandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy habar berildi. 

Beýanatda: "Bu elhenç hüjümi berk ýagdaýda ýazgarýarys, ýogalan adamlaryň dogan garyndaşlary bilen dostlukly we doganlyk Maliniň halkyna gynanç bildirýäris, ýaralanan adamlara bolsa şypa dileýäris" diýip mälim edildi. 

Mali döwletiniň hökümeti tarapyndan düýn berilen beýanatda, 18-19-njy iýunda Bandiagara sebitindäki Bankass etrabynyň Dianweli, Diallassagou we Deguessagou obalaryna Magryp Al-Kaýda terror guramasyna bagly Katiba Majina terror guramasy tarapyndan hüjümiň guralandygy we terrorçylykly hüjümde asuda ilatdan 132 adamyň ýogalandygy habar berilipdi. 

Maliniň Prezident Diwanyndan berilen beýanatda, hüjümde ýogalan adamlar üçin şu günden başlap 3 günüň dowamynda Milli ýas yglan edilendigi mälim edildi. 



Degişli Habarlar