Türkiýäniň we Russiýanyň harby wekiliýetleri galla meselesini maslahatlaşdylar

Şol çäkde Ukraina we BMG taraplary bilen geçiriljek gepleşiklerden soň öňümizdäki hepdeleriň birinde Türkiýede Dört taraplaýyn häsýetde gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýandygy aýan edildi

1846964
Türkiýäniň we Russiýanyň harby wekiliýetleri galla meselesini maslahatlaşdylar

Azyk krizisiniň çözüwi we Ukrainanyň portlarynda garaşdyrylýan galla önümleri bilen ýüklenen gämilerdäki galla önümleriniň eksport bilen bagly Türkiýäniň we Russiýanyň harby wekiliýetleriniň arasyndaky maslahat düýn Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirildi. 

Maslahatda meseläniň çözüwi bilen bagly Türkiýäniň, Russiýanyň, Ukrainanyň we BMG-nyň wekiliýetleriniň gepleşikler düşünjesiniň emele gelendigi beýan edildi. 

Türkiýäniň Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli emele gelen azyk krizisiniň çözüwi üçin başladan diplomatik başlangyçlary bilen Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň rus we ukrain kärdeşleri bilen geçiren söhbetdeşliklerinden soň, Türkiýe bilen Ukrainanyň we Russiýanyň arasynda ýola goýulan "gyzyl liniýa diplomatiýasy" oňyn netijeler bermäge başlady. 

Şol çäkde azyk krizisiniň çözüwi, Ukrainanyň portlarynda garaşdyrylýan galla önümleri bilen ýüklenen söwda gämileriniň ewakuasiýasy, Borispol howa menzilinde galan Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine degişli uçarlaryň Türkiýä howpsuz ýagdaýda ugradylmagy ýaly meseleleri ele almak maksady bilen Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden harby wekiliýet düýn Russiýa gitdi.  

"Gyzyl liniýa diplomatiýasynyň" çäginde wezipelendirilen Türkiýäniň we Russiýanyň generallarynyň ýolbaşçylyk etmeklerindäki harby wekiliýetleriň paýtagt Moskwa şäherindäki gepleşikleriň konstruktiw we örän netijeli gurşawda geçendigi aýan edildi. 

Başda galla önümleri bilen ýüklenen söwda gämileriniň Ukrainanyň portlaryndan çykarylmagynyň maslahatlaşylan gepleşiklerde, meseläniň çözüwi bilen bagly Türkiýäniň, Russiýanyň, Ukrainanyň we BMG-nyň wekiliýetleriniň gepleşikler düşünjesiniň emele gelendigi beýan edildi. 

Şol çäkde Ukraina we BMG taraplary bilen geçiriljek gepleşiklerden soň öňümizdäki hepdeleriň birinde Türkiýede Dört taraplaýyn häsýetde gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýandygy aýan edildi. 

Beýleki tarapdan Moskwadaky gepleşikler ilkinji anyk netijesini bermäge başlady. Uzak wagt dowam eden maslahatyň ahyrynda, ýagny maslahatdan birnäçe sagat soň ençeme gün bäri garaşdyrylan türk gämisi, Ukrainanyň portyndan ýola çykdy. 

"Azov Concord" atly türk gämisi Russiýanyň goşunynyň we separatist toparlaryň gözegçiligindäki Ukrainanyň Mariupol şäherindäki portyndan çykan ilkinji daşary ýurt gämisi boldy. 



Degişli Habarlar