Tunjeli welaýatynda terrorçylar tarapyndan ulanylan gaçybatalgalar ýok edildi
Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi mesele bilen bagly beýanat berdi
Tunjeli welaýatynyň Hozat etrabynyň obalyk ýerlerinde terrorçylar tarapyndan ulanylandygy anyklanan jemi 6 gaçybatalga ýok edildi.
Beýleki tarapdan bolsa, Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitine hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri anyklanan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Gahryman Türkiýäniň Ýaragly güýçleri, Siriýanyň demirgazygyndaky terrorçylara garşy operasiýa geçirmäge dowam edýär" diýip habar berildi.
Beýanatda Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitine hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri anyklanan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 4 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar
Hakan Fidan,kärdeşi Abdullah bin Zaýid Al Nahýan bilen duşuşdy.