Mewlüt Çawuşogly Horwatiýada Saparda Boldy

Mewlüt Çawuşogly Zagrepte Premýer-ministr Andreý Plenkowiç bilen duşuşdy.

1845065
Mewlüt Çawuşogly Horwatiýada Saparda Boldy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Balkan ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde Serbiýadan we Demirgazyk Makedoniýadan soň Horwatiýa bardy.

Mewlüt Çawuşogly Horwatiýanyň paýtagty Zagrepte Premýer-ministr Andreý Plenkowiç bilen duşuşdy.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly duşuşyk hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda “Horwatiýanyň Premýer-ministri bilen iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy, Ukrainada we Bosniýa-Gersegowinada başdan geçirilýän soňky wakalary we NATO-nyň giňelmegi meselesini ara alyp maslahatlaşdyk” diýdi.

Mewlüt Çawuşogly Horwatiýa guraýan saparynyň çäginde kärdeşi Gordan Grliç Radman bilen hem duşuşypdy.

 

 

 



Degişli Habarlar