Gresiýa Mundan Beýläk Öz Başyny Çarasyn

Prezident R.T.Erdogan Gresiýa bilen Ýokary derejeli Strategiýa maslahatynyň geçirilmejekdigini beýan etdi.

1844957
Gresiýa Mundan Beýläk Öz Başyny Çarasyn

Erodgan: “Mundan açyk, konkret garşylyk bolmasa gerek. Şeýlelikde Gresiýa mundan soň başyny çarasyn” diýdi.

Erdogan Stambulda beren beýannamasynda; “Gresiýa bilen bagly esasanda bu tapgyr boýunça reaksiýa bildirdim. Dogruçyl syýasatçy bolmasa bular bilen indi görüşmejekdigimi we Ýokary derejeli Strategik geňeşiň maslahatyny geçirmejekdigimizi beýan etdik.

Şu ýyl geçiriljek maslahaty hem geçirmeris. Mundan açyk, mundan konret garşylyk bolmasa gerek. Şeýlelikde Gresiýa mundan soň öz başyny çarasyn” diýdi.

Çarşenbe güni Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy Muhammed Bin Salmany Ankarada kabul etjekdiklerini aýdan Prezident Erdogan; “İkiçäk we toparara duşuşyklar geçireris. Türkiýe-Saud Arabystany gatnaşklaryny enşalla has ýokary derejä götermek üçin nämeleriň edilmelidigini seljermäge pursat taparys. İlki toparlar geldi. Çarşenbe güni mirasdüşer Şazada geler. Bu resmi sapar. Resmi saparda biz hem resmi taýdan kabul ederis” diýdi.

 



Degişli Habarlar