Karaismailogly: "Ýewropadaky ençeme taslama türk işewürler tarapyndan amala aşyrylýar" diýdi

Sloweniýadaky ençeme taslamany türk işewür adamlaryň ýerine ýetirendigini aýdan Adil Karaismailogly, Sloweniýa bilen ýola goýulan hyzmatdaşlygyň ýurtlaryň we halklaryň aýdyň gelejegi taýdan örän gymmatlydygyny beýan etdi

1842930
Karaismailogly: "Ýewropadaky ençeme taslama türk işewürler tarapyndan amala aşyrylýar" diýdi

Transport we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly logistika taýdan beýik güýç bolmak ugrunda tagalla edýän Türkiýäniň, Orta Koridorda, Aziýada we Ýewropa sebitleriniň arasynda alternatiwa güýç we önümçilik merkezine öwrülip, möhüm taslamalary durmuşa geçirýändigini habar berdi. 

Transport we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly, Sloweniýanyň Koper şäherinde geçirilen "Mlinarži tunneliniň birleşme dabarasynda" eden çykyşynda, Türkiýäniň potratçylyk başda bolmak bilen hyzmatlar pudagynda ösen infrastruktura we tejribä eýedini belläp: "Esasan hem 2003-nji ýyldan bäri iş göwrümini barha artdyrýar. Şol wagt aralygynda 131 ýurtda, 450 milliard dollardan gowrak, 11 müňden köp taslamany durmuşa geçirdi. Türk potratçylyk kärhanalarymyz gara ýol, tunnel, köpri, demir ýol ýaly takmynan 200 infrastruktura taslamasyny amala aşyrdy" diýip mälim etdi. 

Sloweniýadaky ençeme taslamany türk işewür adamlaryň ýerine ýetirendigini aýdan Adil Karaismailogly, Sloweniýa bilen ýola goýulan hyzmatdaşlygyň ýurtlaryň we halklaryň aýdyň gelejegi taýdan örän gymmatlydygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar