Erdogan: "IMEJE-ni 2023-nji ýylda älem giňişligine uçurarys" diýdi

Prezident Erdogan: "Ýerli we milli gözegçilik emeli hemramyz bolan IMEJE-ni 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda älem giňişligine uçurarys" diýdi

1843029
Erdogan: "IMEJE-ni 2023-nji ýylda älem giňişligine uçurarys" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türksat baş müdürliginiň paýtagt Ankara şäheriniň Gölbaşy etrabyndaky ýerinde Türksat 5B emeli hemrasyny hyzmata bermek bilen bagly dabarada çykyş etdi. 

Prezident Erdogan: "Türk inženerler tarapyndan oýlanyp tapylan ýerli we milli gözegçilik emeli hemramyz bolan IMEJE-ni 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda, Türksat 6A-ny bolsa 2023-nji ýylyň ortasynda älem giňişligine uçurarys" diýip habar berdi. 

Erdogan: "Milli Älem programmasy bilen ýurdumyzyň gury ýerdäki, deňizlerdäki we howadaky bähbitleri ýaly älem giňişligindäki bähbitlerini hem goramak biziň jogapkärçiligimizdir" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar