Täze Ýyldan Bäri 34 Müň 112 Immigrant Ýurtdan Çykaryldy

Bikanun göçe garşy göreş güýçli depginde dowam edýär.

1839875
Täze Ýyldan Bäri 34 Müň 112 Immigrant Ýurtdan Çykaryldy

Täze ýyldan bäri bikanun ýagdaýda ýurda giren 34 müň 112 immigrant ýurtdan çykaryldy.

Içeri işler ministrliginden berlen beýannama görä, bikanun göçe garşy göreş güýçli depginde dowam edýär.

Bikanun ýagdaýda ýurda giren immigrantlar çarter saparlary we tarifli uçar saparlary bilen ýurtlaryna ugradylýar.

Stambuldan we Ygdyrdan 7-nji iýunda guralan 2 çarter sapary bilen 452 we Stambuldan tarifli uçar sapary bilen 178 bolmak bilen bir günde jemi 630 owgan ýurtlaryna ugradyldy.

Owganystanly 3 müň 188 immigrantyň ýurtdan çykarylmagy baradaky işler bolsa dowam edýär.

Owganystanda 27-nji ýanwarda uçar saparlarynyň başlamagyndan soň 11 müň 646-sy çarter sapary we 6 müň 610-y tarifli uçuşlar bolmak bilen jemi 18 müň 356 owgan ýurduna yzyna ugradyldy.

Täze ýyldan bäri ýurtlaryna ugradylan jemi immigrantlaryň sany bolsa 34 müň 112-ä ýetdi.

 

 

 



Degişli Habarlar