Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu Bolgariýada saparda bolýar

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, synaglaryň öňünde global ulgamyň batyp barýandygyny beýan etdi.

1839075
Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu Bolgariýada saparda bolýar

Resmi sapar bilen Bolgariýa giden Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, ýurduň paýtagty Sofia şäherinde Bolgariýanyň Içeri işler ministri Boýko Raşkow bilen duşuşyk geçirdi. 

Ol ýerde bikanun migrasiýa bilen bagly beýannama beren Süleýman Soýlu, uly ýurtlaryň we global klublaryň migrasiýa babatynda öz üstüne düşýän jogapkärçilikleri etmändigini habar berdi. 

Süleýman Soýlu: "Bir metr öňüni görüp bilmeýän global klublar we uly ýurtlar bilen ýüz-ýüzediris. Synaglaryň öňünde global ulgam batyp barýar" diýip belledi. 

Dünýäde 85 million adamyň öz ýerlerinden göçürilendigini aýdan Süleýman Soýlu, Siriýadaky içerki söweş sebäpli köp sanda adamyň ýurduny terk edendigini mälim etdi. 

Siriýanyň we Yragyň döwlet resmilerini terror guramalarynyň ortadan aýyrandygyny aýdan Soýlu: "Ol ýerlerede ABŞ azatlyk we demokratiýa getirjekdi. Çagalar, zenanlar, başga ýerlere göçürilenler, ýogalanlar, elleri gopanlar, enelerinden we atalaryndan mahrum bolanlar. Biziň geografiýamyz dünýäniň iň uly ýetim geografiýasy boldy" diýip mälim etdi. 

Bolgariýanyň Içeri işler ministri Boýko Raşkow bolsa: "Türkiýäniň bikanun göçe garşy göreşine haýran galýarys, bu meselede Türkiýä minnetdardyrys" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar