Prezident Erdogan Azerbaýjana Gitdi

Erdogan bilen Aliýew, Azerbaýjanyň howa güýçleri bilen Türk Ýyldyzlarynyň we SOLOTÜRK-iň akrobatiýa çykyşyna tomaşa eder.

1833983
Prezident Erdogan Azerbaýjana Gitdi

Prezident R. T. Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň çakylygyna laýyklykda Azerbaýjana gitdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident Erdogan, Azerbaýjanyň garaşsyzlyk gününe gabat gelýän saparynyň çäginde Türkiýeden daşarda ilkinji gezek paýtagt Bakuda geçirilýän TEKNOFEST Azerbaýjana gatnaşar.

Erdogan bilen Aliýew, TEKNOFEST-iň çäginde Azerbaýjanyň howa güýçleri bilen Türk Ýyldyzlarynyň we SOLOTÜRK-iň akrobatika çykyşyna tomaşa eder.

Iki lider soň bolsa Asan hyzmat we Baku Ylym merkeziň açylyş dabarasyna gatnaşar.

Prezident Erdoganyň  kärdeşi Aliýewiň hormatyna berjek naharyndan soň şu gije Türkiýä dolanyp gelmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar