Izmir-Midilli Gämi Gatnawy 17-nji Iýunda Başlaýar

Gämi gatnawynyň hepde-de 1 gün guralmagy meýilleşdirilýär.

1833810
Izmir-Midilli Gämi Gatnawy 17-nji Iýunda Başlaýar

Izmir bilen Gresiýanyň Midilli adasynyň arasyndaky gämi gatnawy 17-nji iýunda başlar.

Izmiriň şäher häkimliginden berlen beýannama görä, Midilliniň şäher häkimi Stratis Mytelis bilen Izmiriň şäher häkimi Tunç Soýer Izmirde duşuşdy.

Duşuşykda Izmir-Midilli gämi gatnawynyň başlamagy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gazanylan ylalaşyga laýyklykda ilkinji gämi gatnawy 17-nji iýunda Türkiýe wagty bilen 09.30-da Alsanjak portundan başlar.

Gämi 2 sagat 45 minut dowam etjek ýolagçylykdan soň Midillä barar.

19-njy iýunda ýekşenbe güni günortadan soň Izmire tarap ýola çykar.

Gämi gatnawynyň hepde-de 1 gün guralmagy meýilleşdirilýär.

 

 

 



Degişli Habarlar