“Eren Gabaw-13” Operasiýasy Başladyldy

Operasiýanyň birinji gününde Şenýaýla sebitinde geçirlen gözleg işlerinde 6 gaçybatalga bilen 17 çukur tapyldy.

1834042
“Eren Gabaw-13” Operasiýasy Başladyldy

 

Içeri işler ministrligi Muş welaýatynda 565 harby hünärmeniň gatnaşmagynda “Eren Gabaw-13” şehit esger İsmail Moraý operasiýasynyň başladylandygyny habar berdi.

Operasiýanyň birinji gününde Şenýaýla sebitinde geçirlen gözleg işlerinde 6 gaçybatalga bilen 17 çukur tapyldy.

Gaçybatalgada terrorçylaryň egin eşigi, azyk önümleri we gurluşyk enjamlary ele geçirildi.

Şyrnakda hem “Eren Gabaw-5” operasiýasy zolagynda Judi dagynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy howa gürçleriniň goldaw bermeginde operasiýa başladyldy.

Şyrnakda aprel aýynda başladylan “Eren Gabaw-5” operasiýasy zolagynda ýerleşýän Judi dagynda terrorçy toparyň bardygy anyklandy.

Ýerleri anyklanylan terrorçylara garşy howa güýçleriniň goldaw bermeginde operasiýa başladyldy.

Operasiýanyň çäginde ady agzalýan sebit howadan 3 gezek bombalandy.

Sebitde operasiýalar dowam edýär.



Degişli Habarlar