“Azerbaýjanyň Gazanýan Üstünlikleri Bizi Buýsandyrýar”

Prezident Erdogan TENKOFEST-de eden çykyşynda, Jan Azerbaýjanyň garaşsyzlyk gününde bu ýurtda bolmakdan hoşaldygyny belledi.

1834055
“Azerbaýjanyň Gazanýan Üstünlikleri Bizi Buýsandyrýar”

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň çakylygyna laýyklykda şu gün Azerbaýjana giden Prezident R. T. Erdogan, Türkiýeden daşarda ilkinji gezek Bakuda geçirilýän TEKNOFEST Azerbaýjana gatnaşdy.

Prezident Erdogan TENKOFEST-de eden çykyşynda, Jan Azerbaýjanyň garaşsyzlyk gününde bu ýurtda bolmakdan hoşaldygyny belledi.

Erdogan, taryhy geçmişinden ylham alýan iki ýurduň arasyndaky dostlugyň, jebisligiň we bitewiligiň gün saýyn berçinleşýändigini aýtdy.

“Anadoly ýaly bu ýeri biziň topragymyz, Türkiýe hem siziň watanyňyz”diýen Erdogan, iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň diňe sebit ýurtlary üçin däl eýsem tutuş dünýä görelde bolýandygyny belledi.

Sezewar bolan kynçylyklaryna, ýurduna garşy alnyp barylan adalatsyz tutuma garamazdan, diplomatiýada, ykdysadyýetde we medeniýetde dessan ýazan Azerbaýjanyň gazanýan üstünlikleri bilen buýsanýandyklaryny nygtan Prezident Erdogan “Biz basyşlara, abaý-syýasatlara asla boýun egmedik we egmeris. Basyp alyşlyga we adalatyszlyga garşy durduk we durmaga dowam ederis. Biziň hiç kimiň ýerinde we ýurdunda gözümiz ýok. Başgalaryna berer ýaly ýekeje garyş topragymyz hem ýok”diýip belledi.

Prezident Erdogan, sebitiň durnuklylygy we parahatçylygy üçin Aliýewiň Ermenistan bilen geçirýän parahatçylyk gepleşiklerine Türkiýe hökmünde güýçli goldaw berýändiklerini ýatlatdy.

 

 



Degişli Habarlar