Erdogan Türkiýede Terror we Şantaž Bilen Syýasatyyň Gönükdirilýän Günleriniň Geçendigini Aýtdy

Prezident Erdogan Demokratiýa we azatlyklar adasyndaky Adnan Menderes maslahatlar merkezinde 27-nji maý agdarlyşygynyň 62 ýyllygy mynasybetli geçirilen hatyralama çaresine gatnaşdy.

1833805
Erdogan Türkiýede Terror we Şantaž Bilen Syýasatyyň Gönükdirilýän Günleriniň Geçendigini Aýtdy

Ýurdy we milleti üçin hyzmat eden syýasatçylaryň kate agdarlyşykçylar tarapyndan gorkuzylandygyny beýan eden Erdogan; “Milletimiz bilen bilelikde taryhymyzyň esasy demokratiýa ýenişlerinden birini 15-nji iýulda gazandyk.

Agdarlyşyklar sebäpli Türkiýäniň ykdysady galkynyşda öwezi dolumasyz ýitgiler çekendigini, esasy ýitginiň adalat ulgamynda çekilendigini gürrüň beren Prezident Erdogan; “Milletiň polat ygtyýaryny hiç hiç gandallap bilmez. Gazetleriň söz başylary bilen syýasatyň ugrukdyrylan günleri, terror we şantaž bilen syýasatyň gönükdirilen günleri yzda galdy. Hemmeler şuny bilsin; Türkiýe demokratik, hukuk döwletidir. Özygtyýarlylygy şertsiz, belliksiz millete degişli bolan döwletdir” diýdi.



Degişli Habarlar