Prezidentiň Ýokary konsultatiw geňeşi Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirildi

Prezidentiň Ýokary konsultatiw geňeşi Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi

1831964
Prezidentiň Ýokary konsultatiw geňeşi Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirildi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Prezidentiň kompleksinde takmynan 3 sagat dowam eden maslahat bilen bagly ýazmaça beýannama berdi. 

Şoňa laýyklykda geňeşiň agzalary maslahatda Türkiýäniň bosgun dolanşygy we biri-birinden tapawutly statuslar bilen ýurtda ýaşaýan daşary ýurtly raýatlar bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy. 

Prezident Erdogan maslahatda Türkiýäniň taryhda bolşy ýaly şu günki gün hem serhedine gelen we tapawutly ýollar bilen ýurda sygynan ezilen we ejir çeken adamlardan ýüz öwürmändigini beýan etdi. 

Siriýanyň demirgazygynda Türkiýäniň howpsuz ýagdaýa getiren zolaklara gaýdyp baranlaryň sanynyň 500 müň adamdan geçendigini aýdan Prezident Erdogan, şol zolaklarda halkara derejede beriljek maliýe kömekleri bilen guruljak ýaşaýyş ýerleri bilen köp sanda siriýalynyň öýlerine gaýdyp barmaklaryny üpjün etjekdiklerini habar berdi. 

Prezident Erdogan maslahatda: "Medeniýetimizde, ynanjymyzda we gymmatlyklarymyzda ýeri bolmaýan daşary ýurt duşmançylygyna, milletimiz we döwletimiz asla rugsat bermez" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar