Mewlüt Çawuşogly Ramallahda Mahmud Abbas Tarapyndan Kabul Edildi

Abbasa Prezident Erdoganyň salamyny gowşuran Çawuşogly, Palestinanyň liderini Türkiýä çagyrdy.

1832169
Mewlüt Çawuşogly Ramallahda Mahmud Abbas Tarapyndan Kabul Edildi

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen Palestina meselesi bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Mahmud Abbas, Ramallah şäherinde Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglyny kabul etdi.

Abbasa Prezident Erdoganyň salamyny gowşuran Çawuşogly, Palestinanyň liderini Türkiýä çagyrdy.

Mahmud Abbas duşuşykda, Türkiýäniň Palestinanyň halkyna berýän goldawlary barada öwgüli sözler aýtdy.

Abbas, Türkiýe bilen Palestinanyň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlendirilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.

 Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Palestina guran saparynyň çäginde kärdeşi Riýad Al Maliki bilen duşuşdy we daşary işler ministrleri derejesinde geçirlen Türkiýe-Palestina bilelikdäki komitetiň ikinji maslahatyna gatnaşdy.



Degişli Habarlar